1. Haýsy maglumatlar saklanýar
Okuwçy we mugallym hasaby. Hasaplary diňe merkeziň administratory açýar. Hasapda: at we familiýa, telefon belgisi we e-poçta (eger görkezilen bolsa), topar (kurs), açar sözüň goralan «hash» görnüşi (açar sözüň özi saklanmaýar).
Anketa (diňe administrator görýär). Okuwçy ýazylanda merkez anketany doldurýar: doglan senesi, jynsy, pasportyň seriýasy we belgisi, okaýan ýeri we synpy, salgysy, goşmaça telefon, ene-atasynyň (wekiliniň) ady we telefony, okuw tölegi we tölegleriň senesi. Mugallymyň anketasynda: telefon, e-poçta, doglan senesi, pasport, salgy. Bu maglumatlar diňe merkeziň administratoryna görünýär — şahsy otagda, goşundyda we saýtyň açyk sahypalarynda görkezilmeýär, başga hiç kime berilmeýär.
Okuw maglumatlary. Synag bahalary, mugallymyň senenamadaky bellikleri (açyk sapak, çäre, sapagyň ýatyrylmagy), oýunlardaky iň gowy netijeler, şu gün saýtda we goşundyda geçirilen wagt («Şu günüň TOP-y» üçin).
Topar söhbetdeşligi. Hatlar, reaksiýalar we ugradylan faýllar (surat, wideo, resminama). Olary diňe şol toparyň agzalary we mugallymy görýär.
Profil suraty — eger ulanyjy özi goýsa. Ol diňe şahsy otaga giren ulanyjylara görkezilýär, açyk sahypalarda görkezilmeýär.
Saýta girişleriň statistikasy. Haýsy sahypalaryň açylandygy, enjamyň we brauzeriň görnüşi, tötänleýin belgi (atsyz). IP salgy saklanmaýar.
2. Maglumatlar nämä ulanylýar
- Şahsy otagy, bahalary, sapak tertibini we topar söhbetdeşligini görkezmek üçin.
- Reýtingleri (TOP) düzmek üçin — olarda diňe gysgaldylan at («Aýlar G.») görkezilýär.
- Saýty we goşundyny gowulandyrmak üçin (atsyz statistika).
Maglumatlar satylmaýar, mahabat üçin ulanylmaýar we üçünji taraplara berilmeýär.
3. Kömekçi (sesli söhbetdeş)
Kömekçide ulanyjynyň sözleri telefonyň ýa-da brauzeriň ses tanaýyş hyzmaty arkaly tekste öwrülýär. Tekst jogap almak we söhbetdeşiň jogabyny sese öwürmek üçin biziň serwerimiz arkaly emeli aň hyzmatyna (Google Gemini) iberilýär. Saýtda söhbetdeşiň janly ýüzi üçin onuň jogabynyň sesi Simli hyzmatyna iberilýär. Ulanyjynyň öz sesi, suraty ýa-da kamerasy bu hyzmatlara iberilmeýär. Söhbetdeşlik biziň serwerimizde saklanmaýar.
4. Saklanyşy we howpsuzlyk
Maglumatlar goralan serwerde saklanýar, baglanyşyk şifrlenen (HTTPS). Şahsy otaga giriş diňe açar söz bilen. Goşundy enjamda diňe giriş sessiýasyny we saýlanan temany saklaýar.
5. Çagalar
Okuwçylaryň arasynda çagalar bar. Olaryň hasaplaryny diňe merkez ene-atalaryň razylygy bilen açýar; çaga özbaşdak hasap açyp bilmeýär. Çaganyň suraty we doly ady açyk sahypalarda görkezilmeýär.
6. Maglumatlary pozmak
Hasaby we oňa degişli maglumatlary (bahalar, profil suraty, oýun netijeleri) pozmak ýa-da üýtgetmek üçin merkeze ýüz tutuň — administrator olary pozar.
7. Habarlaşmak
Ýagty Zehin bilim merkezi, Lebap wel. Türkmenabat şäheri, Nyýazow köçäniň ugry. E-poçta: yagtyzehin@gmail.com. Telefon: +99361038888.
Кратко по-русски
Сайт и приложение «Ýagty Zehin» хранят: данные учётной записи, созданной администратором центра (имя, телефон, e-mail, группа, хеш пароля), оценки за экзамены, отметки преподавателя, результаты игр, время в приложении, сообщения и файлы чата группы (видны только группе), фото профиля (только для вошедших) и обезличенную статистику посещений без IP. Данные не продаются и не передаются третьим лицам. Речь в «Kömekçi» распознаётся сервисом телефона или браузера, текст отправляется для ответа и озвучки сервису ИИ (Google Gemini), голос ответа на сайте — в Simli для «живого лица» собеседника; собственный голос, фото и камера пользователя туда не передаются, разговор у нас не сохраняется. Удалить данные — по запросу в центр.
